Türkmenistanda awtomobil mekdepleri üçin elektron gollanmany taýýarlamak üçin bäsleşik yglan edildi
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi, elektron okuw gollanmalary taýýarlamak işini kämilleşdirmek we okuw prosesine ornaşdyrmak maksady bilen üç ölçegli animasiýa täsirli wideokontentli, elektron okuw-usuly gollanmanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.
“Duralga” ykjam goşundysy şäheriçi awtobuslaryň hereketi barada maglumat berer
“Türkmenawtoulaglary” agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze “Duralga” ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android operasion ulgamyna ýükläp almak üçin elýeterdir.
«Onlaýn taksi» — Aşgabatda taksi sargyt etmegiň täze hyzmaty
Aşgabatda taksi sargyt etmegiň täze hyzmaty bolan «Onlaýn taksi» ykjam goşundysy işe girizildi. Bu hyzmaty «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýola goýdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary Döwlet Baştutanymyzdan gutlag kabul etdiler
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady. Gutlagda şeýle setirler bar:
Türkmenistan bilen Täjigistany göni demir ýol gatnawy birikdirer
Täjigistanyň Wekiller palatasy duşenbe güni Türkmenistan bilen demirýol ulagy pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany tassyklady. Bu barada Täjigistanyň mejlisiniň resmi web saýty habar berdi.
Türkmenistanda her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Tejen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Kerki, Mary welaýatynyň Baýramaly etraplarynyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.
Türkmen raýatlaryna jemgyýetçilik ulaglarda ýokanç kesellerden goranmak barada maslahat berilýär
Türkmen raýatlarynyň jemgyýetçilik ulaglarynda ýokanç kesellerden nähili ýagdaýda goranyp biljekdigi barada maslahatlar berilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde beýan edilýär.
Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň halkara şertnamalaryna goşular
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça geçirilýän işler barada 14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan edilýär
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidöwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär. Bäsleşikli söwdalar 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Fewral aýynda Halk Maslahatynyň adatdan daşary ýygnagy geçiriler
7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Turkmen portal" Watan habarlar gepleşigine salgylanyp ýazýar.
Sürüjiler – täze ýyly iş ýerinde garşylanlaryň hatarynda
Täze ýyl baýramçylygynda ýurdumyzyň şäheriçi jemgyýetçilik ýolagçy awtobuslary 1-nji ýanwarda sagat 02:00-a çenli raýatlara yzygiderli hyzmat etdi. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň awtobus sürüjileriniň medeniýetli hyzmaty raýatlarymyzyň täze ýyly dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen bilelikde bellemeklerine ýardamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň baş arçasy GDA ýurtlarynyň arasynda iň beýik arça boldy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyň şäherlerinde iň beýik Täze ýyl arçasynyň beýikligi 38,5 metr kesgitlenildi.
Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglary bezeldi
Aşgabatda şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslary Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna ýörite bezeldi.
Täze ýyl agşamy Aşgabatdaky awtobuslaryň hereket tertibi üýtgediler
Ilata ýokary hilli awtoulag hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen Aşgabat şäherinde Täze ýyl gijesinde jemgyýetçilik awtobuslary şäheriçi ugurlar boýunça 31-nji dekabrda irden sagat 6:00-dan — 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 02:00-a çenli hereket eder.
31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda Aşgabatda awtobuslar mugt hereket eder
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli käbir guramaçylyk meselelerine-de seredildi.
Aşgabatda 43-nji belgili täze awtobus ugry işe giriziler
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 43-nji “Parahat – Bekrewe” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.
“D” sürüjilik derejesi bolan awtobus sürüjilerini işe çagyrýarys
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobuslarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän “D” sürüjilik derejesi bar bolan raýatlary aşakdaky günlerde söhbetdeşlige kabul edýär:
Aşgabatda 108-nji belgili täze awtobus ugry işe giriziler
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 108-nji “Teke bazar – “Aşgabat” söwda merkezi” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.