Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini daşary ýurtlaryň Liderleri gutlaýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň adyna dünýä döwletleriniň Prezidentlerinden, premýer-ministrlerinden we iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan Gutlag hatlary gelýär.
«Onlaýn taksi» mobil goşundysyna dil saýlamak mümkinçiligi girizildi
«Onlaýn taksi» mobil goşundysynyň işläp düzüjileri onuň Android ulgamy üçin niýetlenen görnüşine käbir täzelenmeleri girizdiler.
Serdar Berdimuhamedow sesleriň 72 % gowragyny alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanyldy.
Türkmenistanyň täze Prezidenti ýakyn günlerde yglan ediler
Milli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçirilen saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.
Türkmenistanda Prezident saýlawlary başlandy
Şu gün Türkmenistanda irden sagat 7:00-den başlap, möhletinden öňki Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlanyp, ýurduň çägindäki ähli saýlaw uçastoklary saýlawçylary kabul edip başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti zenanlary 8 mart bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň 8-nji martynda uludan bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýurduň gelin-gyzlaryna gutlag hatyny iberdi. Baýramçylyk gutlagy milli metbugatda çap edildi.
Türkmenistanda demirýol infrastrukturalary kämilleşdirilýär
«Türkmendemirýollary» agentliginiň amala aşyrýan esasy maýa goýum taslamalary şu ýyl demir ýollaryň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar
Türkmenistanyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Awtobus sürüjileri işe çagyrýarys
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobuslarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän “D” sürüjilik derejesi bar bolan raýatlary aşakdaky günlerde söhbetdeşlige kabul edýär:
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.
Agrar partiýa Agajan Bekmyradowy Türkmenistanyň wezipesine dalaşgärlige hödürledi
15-nji fewralda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesine laýyklykda, partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlendi
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary dokuzynjy gurultaýy geçirildi. Ýurduň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary geçiriler
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni Prezident saýlawlary geçiriler. Saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda geçiriljekdigi barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararynda bellenilýär. Bu barada TDH habar berýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.
«Ulag Ýük Hyzmatlary» saýty halkara ýük daşamalaryny guramagyň amatly hyzmatlaryny hödürleýär
Täze «Ulag Ýük Hyzmatlary» onlaýn hyzmatlar saýty ýük daşamalaryny has ýeňil usulda guramak işlerini hödürleýär. Bu saýt arkaly ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda ýerine ýetirijileri we sargyt edijileri gözlemekden başlap, ýükleriň howpsuzlygynyň kepillendirilişine we saklanyşyna çenli ähli amallary ýeňil ýola goýmak bolýar.
Halk maslahaty mynasybetli paýtagtyň jemgyýetçilik awtobuslary ýörite hatlar bilen bezeldi
11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslaryna ýetip gelýän Halk maslahatyny mahabatlandyrýan ýazgylar ýazyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanda ýollaryň gurluşygy bilen täze bölüm meşgullanar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy fiziki şahslara, şeýle-de hususy kärhanalara we döwlet edaralaryna awtobuslary onlaýn görnüşde sargyt etmek hyzmatyny hödürleýär. Sargydy şu ýerden ýerine ýetirip bilersiňiz.
Türkmenistanda awtomobil mekdepleri üçin elektron gollanmany taýýarlamak üçin bäsleşik yglan edildi
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi, elektron okuw gollanmalary taýýarlamak işini kämilleşdirmek we okuw prosesine ornaşdyrmak maksady bilen üç ölçegli animasiýa täsirli wideokontentli, elektron okuw-usuly gollanmanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.