TSTB-niň sergisiniň işi bir hepde uzaldyldy
13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Aşgabatda TSTB-niň 14 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady
12-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň sergisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň agzalaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralýan sergä we halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri bilen duşuşyk geçirdi
9-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça Maksatnama tassyklandy
Hökümetiň ýylyň birinji çärýeginde pudaklaryň işiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Milli taryhy we medeni gymmatlyklary aýap saklamak, olary goramak we öwrenmek, syýahatçylary çekmek boýunça 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle hem maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek boýunça maslahat geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň welaýatlaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
4 арrelde Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Aşgabatda awtoulaglaryň hereketi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäklendiriler
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ekologiki çäre guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen 2-nji aprelde ýokary derejede geçirilen duşuşygynda
Türkmenbaşyda ulag we kommunikasiýalar toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokary amatlykly 4 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Türkmen tarapynyň düzümi tassyklandy
Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki Komissiýasynyň türkmen tarapynyň düzümi tassyklandy.
«Lazuli» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan sebitleýin duşuşyk
Aşgabatda «Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan sebitleýin duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistan bilen Koreýa ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny artdyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň Demir ýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk 2022-nji ýylyň 28-nji martynda öz işine başlady we 1-nji aprele çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora we ýurduň ähli halkyna ikitaralaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi «TDH» habar berýär.
Türkmenistanda täze Hökümet düzüldi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň täze düzümini tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Liderlerine gutlag iberdi
Her ýylyň 23-nji martynda Pakistanda Respublikanyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Milli bahar baýramy mynasybetli Gutlagyny beýan etdi
Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza Gutlag iberdi. Milletiň Lideriniň bu Gutlagy 20-nji martda «Watan» habarlar gepleşiginde okaldy.