Russiýa we Türkmenistan Hazaryň ugry boýunça awtomobil ýoluny gurmagy maslahatlaşýar

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Russiýa bilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynda awtomobil ýoluny gurmak taslamasyny durmuşa geçirip biljekdigi barada aýtdy.

«Halkara ulag ýollarynyň emele gelmegine aýratyn ähmiýet berýäris we biziň bu babatdaky wezipämiz türkmen kärdeşlerimiziň çemeleşmelerine doly laýyk gelýär. Bilelikde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üstünde işleýäris we kämilleşdirýäris. Bu bolsa işewürlik üçin gurluşyk infrastrukturasy, hyzmatlar we söwda-logistika merkezleri, deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly giň mümkinçilikleri açar» - diýip, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Aşgabatda geçirilen Rus-türkmen işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Bilelikdäki geljegi uly taslamalaryň biri hem Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynda awtomobil ýoluny gurmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Mişustin Hazar deňzindäki rus we türkmen portlarynyň ýük dolanyşygyny artdyrmak, demir ýol lokomotiwleri, ýük we ýolagçy awtoulaglary bilen üpjünçiligini giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.