Täjigistan ― Özbegistan ― Türkmenistan ― Eýran ― Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy ýola düşdi

Täjigistan ― Özbegistan ― Türkmenistan ― Eýran ― Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusynyň ugradylyş dabarasyna ýokarda agzalan ýurtlaryň wekiliýetleri, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri we işewürleri gatnaşdylar.

Bu ugur boýunça ilkinji otly duşenbe güni Duşenbe şäherinden ýola düşdi. Bu barada Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministrligi habar berdi.

Şol gün daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde ulag-logistika boýunça maslahat hem geçirildi.

Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary 8-9-njy oktýabrda Tähran şäherinde geçirilen üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça ilkinji ministrler derejesindäki maslahatda üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.