Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň mejlisiň dowamynda beren hasabatynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigini hem-de innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman senagat kärhanalarynyň gurulýandygyny, hereket edýänleriniň bolsa durkunyň täzelenýändigini bellenildi.
Şunuň bilen birlikde hem, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dürli maksatly plastik kartlaryň, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi.
Degişli hasabaty diňlemek bilen, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullady hem-de ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi, mundan beýläk-de isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.
Bu işleriň ýola goýulmagy bilen ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçilikleri milli tejribede alnyp barylar.