«Türkmenawtoulaglary» agentligi Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýörişe ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hünärmenleri hem işjeň gatnaşdylar.

Dabaraly ýörişden geçen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň taýýarlan bezegli awtoulagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň özgertmelerini, aýratyn-da awtomobil ulaglarynda ýük we ýolagçy gatnawlary babatdaky kuwwatyny hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurdaky gazanylan üstünlikleri alamatlandyrdy.