Mary we Lebap welaýatlarynda «KAMAZ» hyzmat ediş merkezleri açyldy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin niýetlenen bejeriş we hyzmat ediş merkezleri açylyp ulanmaga berildi. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär.     
Ýurduň Mary welaýatyndaky täze «KAMAZ» hyzmat ediş merkezi Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Mary — Aşgabat gara ýolunyň 16,5 kilometrliginiň ugrunda umumy meýdany 1 gektar bolan ýerde guruldy. Lebap welaýatyndaky merkez bolsa Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynyň çäginde Türkmenabat — Mary gara ýolunyň ugrunda bina edildi.

«KAMAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy esasynda Mary welaýatyndaky merkeziň taslama işleri «Hezret» hususy kärhanasy, gurluşuk işleri hem «Askan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Lebapdaky täze merkeziň taslama işleri hem «Hezret» hususy kärhanasy tarapyndan düzülip, onuň gurluşygyny «Awtotrans» hususy kärhanasy alyp bardy. Bu merkezleriň önümçilik kuwwatlylygy bir günde 10 sany awtoulag serişdelerine tehniki hyzmatlary edip bilýär.

Täze açylan okuw we tehniki hyzmat merkezlerinde esasy iki gatdan ybarat bolan dolandyryş binasy, awtoulag serişdeler üçin abatlaýyş işleri geçirmek üçin bölümi, ammar ýerleşýär. Toplumlarda bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanylýan uly göwrümli howuzlar hem ýerleşdirildi. Mundan başga-da täze awtoulag serişdelerini görkezmek üçin ýörite meýdança göz öňünde tutulandyr.

Bu merkezleriň gurluşygynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle-hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 10-njy iýunyndaky PB-1249 belgili buýrugy esasynda uzak möhletleýin kärende berlen ýerde gurlandygyny bellemek bolar.