Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar pudagy dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň öndürýän häzirki zaman awtoulaglary bilen üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän döwrebap awtobuslary we ýeňil taksi awtoulaglary bilen ýolagçylara, ýurdumyzyň myhmanlaryna hem-de döwlet derejesinde geçirilýän çärelere gatnaşyjylara ýokary hilli we medeniýetli awtoulag hyzmatlary edilýär.
Türkmenistanyň ilatynyň awtoulag gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli edara-kärhanalary, şol sanda Agentligiň paýly gatnaşygyndaky paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan, jemi 620 sany, şol sanda 179 sany şäheriçi, 333 sany şäherýaka we 108 sany şäherara awtobus ugurlary boýunça, şeýle hem buýurmalar esasynda ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli awtoulag hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary bilen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýolagçylara gije-gündiziň dowamynda ýokary hilli we medeniýetli taksi hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda», Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň welaýatlaryndaky, Aşgabat şäherindäki edara-kärhanalarynda we paýly gatnaşygyndaky paýdarlar jemgyýetlerinde önümçilik işini sanlylaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, ýolagçylar üçin amatly we oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, birnäçe sanly hyzmatlar, şol sanda ýol tölegleri boýunça nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy ornaşdyryldy.
«Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň tugdk.gov.tm atly resmi web saýtynda halkara daşalýan ýüküň ýanhatyny hem-de ýüki Türkmemnistanyň çäginde awtoulag serişdesine ýüklemek üçin rugsatnamalary almak üçin onlaýn ýüz tutma mümkinçiligi girizildi.
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň şäheriçi ýolagçy gatnawyny amala aşyrýan awtobuslarynda ornaşdyrylan GPS ulgamynyň sanly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen «Duralga» atly ykjam mobil goşundysy döredildi we ulanyşa goýberildi. Ulgamda şäheriçi awtobuslaryň ugur belgisi boýunça onlaýn ýagdaýda degişli maglumatlary görüp bilmäge mümkinçilik döredildi.
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýeňil taksi awtoulag hyzmatlary bilen bagly döredilen, «Ynamly taksi», «Taksi hyzmaty» we «Onlaýn taksi» atly ykjam mobil goşundylary arkaly ýolagçylar üçin ýeňil taksi awtoulaglaryny onlaýn sargyt etmäge mümkinçilik döredildi.
Paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslara ýol peteklerini «Awtomobil ulag hyzamty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň auh.com.tm atly resmi web saýt arkaly we «Şäherara bilet» atly ykjam mobil goşundysy arkaly onlaýn görnüşde satyn almak hyzmaty hem ýola goýuldy.
Mundan başga-da «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamgyndaky ýurudmyzyň welaýatlaryndaky, Aşgabat şäherindäki edara-kärhanalarynda we paýly gatnaşygyndaky paýdarlar jemgyýetlerinde resmi web saýtlary döredilip, işe girizmek bilen bir hatarda, fiziki we ýuridiki şahslara awtobuslary we ýük awtoulaglary web saýt arkaly onlaýn ýagdaýda sargyt etmek mümkinçiligi hem döredildi. Web saýtlarda ulag pudagy babatda täzelikler, bildirişler hem-de hereket edýän sanly hyzmatlara girizilýän goşmaçalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.