Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Maslahatda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, sebitlerde galla oragy bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, oba hojalyk tennikalary we gurallary bökdençsiz işledilýär. 

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi batly depginde dowam edýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak işleriniň alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow galla oragyny ýokary hilli we gysga möhletde üstünlikli tamamlamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz geljekki bol hasylyň düýbüni tutmak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek, tohumlyk serişdeleriň hil derejesine möhüm ähmiýet bermek, şol bir wagtyň özünde suwy rejeli peýdalanmak meselelerine häzirki zaman ylmy we milli daýhançylyk däpleri esasynda çemeleşilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ekinleri suw bilen üpjün etmegiň talabalaýyk ýola goýulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere ýakyn wagtda Kerki şäherine gitmegi we şol ýerde hemişelik esasda dolandyryş merkezini guramagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz suwuň ýagdaýyna görä, merkeziň göçme mejlisleriniň geçirilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny belläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. 

Arkadagly Serdarymyz obasenagat toplumynyň işini talabalaýyk ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş akabalaryny, howdanlary talabalaýyk saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini, bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça degişli gulluklar bilen bilelikde teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzy ýurdumyzda uludan bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.