Gazagystanyň Hökümeti ýükleriň iberilmeginiň we geçirilmeginiň gözegçiligini güýçlendirýär

Gazagystanyň awtoulag ýollarynda ýurduň ulag gözegçilik edarasynyň wekilleri Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň çäginden Russiýa we Belarusyň üsti bilen üçünji ýurtlardan ýükleri daşaýan ulaglaryny saklap başladylar diýip, belarus neşiri “Transport transit” habar berýär. 

Harytlaryň saklanmagynyň sebäbi Gazagystan Respublikasynda ýol ulaglary üçin rugsatnama ulgamyny ulanmak düzgünleriniň 48-nji we 51-nji bölümleri bilen baglanyşyklydyr. Düzgünlere laýyklykda, üçünji ýurtdan Gazagystanyň çägine iberilmegi ýa-da iberilýän ýeri kesgitli bolmadyk, ilkinji daşaýjynyň ýurdunda hasaba alynmadyk awtoulag serişdelerine doly tamamlanmadyk gümrük trazitli ýükleriň iberilmegi we geçirilmegi gadagan edilýär.