Hytaý — Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgesine täze ulag gatnaw ugry tapyldy

Ýewropa bileleşiginiň import edijileri Ukraýinadaky ýagdaýlar zerarly ozal Gazagystanyň, Russiýanyň we Belarusyň çäginden geçen ulag-üstaşyr geçelgesiniň ýerine Hytaýdan uzaýan ulag geçelgesini Kawkazyň we Kaspi deňziniň üsti bilen ýola goýmaga gyzyklanma bildirýärler diýip, TELS Halkara kompaniýalar toparynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Russiýanyň we Belarusyň üsti bilen gidýän ulag-ýük geçelgesiniň ornuny tutýan esasy ugur hökmünde Azerbaýjan — Gruziýa (Batumi) — Rumyniýanyň we Türkiýäniň Gara deňizdäki portlary boýunça geçýän ulag geçelgesi nazarda tutulýar.

2022-nji ýylyň 31-nji martynda Türkiýe, Gazagystan, Gruziýa we Azerbaýjan döwletleri Gündogar — Günbatar Merkezi Transkaspi halkara ulag-üstaşyr geçelgesi baradaky Jarnama gol çekdiler. Resminama şeýle-de Baku, Tbilisi we Kars (Türkiýe) şäherleriniň arasyndaky demir ýol şahalaryny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamany öz içine alýar.

Eýýäm 13-nji aprelde ilkinji ýük otlusy Hytaýyň Sian şäherinden Russiýanyň çäklerinden aýlanyp geçip, Germaniýanyň Mangeým şäherine tarap ugur aldy. Täze ýük gatnaw ugry Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, soňra bolsa Gara deňziň üsti bilen Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Slowakiýanyň we Çehiýanyň çäginden geçip, Germaniýa çenli baryp ýetýär. Bu gatnaw ugrunyň uzynlygy 11,3 müň kilometre ýetdi.

Häzirki wagtda Gazagystanyň Aktau portundan Bakuwa umumy ýüki 600 TEU barabar bolan üç sany ýük gämisi barýar. Halkara ulaglaryň Transkaspi assosiasiýasynyň (HUTA) Baş sekretary Gaýdar Abdykerimowyň bellemegine görä, şu ýylyň sentýabr aýyna çenli gämileriň sanyny 6-a ýetirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de bolsa, täze ulag geçelgesiniň işlemegi bilen baglylykda, gatnawlaryň yzygiderliligine, ýükleri eltmegiň möhletine we olaryň bahasyna täsir edip biljek käbir logistik kynçylyklar ýüze çykýar. Mundan başga-da, demir ýol gatnaw nokatlaryny ýük tapgyrlarynyň dessin ýokarlandyrylmagyna uýgunlaşdyrmak zerur bolup durýar.