Aşgabat - Türkmenbaşy awtobus gatnawy açylýar

Şu ýylyň 20-nji maýyndan başlap Türkmenistanda awtobus gatnawlary bölekleýin açylar. Şonuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenbaşy we Türkmenbaşy — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar dikeldilýär. Awtobuslar sişenbe, penşenbe we şenbe günleri Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri bolsa yzyna — Aşgabat şäherine gatnawlary amala aşyrarlar.

Ýolagçylar bilet satyn almazdan ozal, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-a barlagdan geçip, negatiw netijäni alandygyny tassyklaýan şahadatnamany, koronawirusa garşy üç waksinany hem alandygy baradaky resminamany, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan syýahat üçin berlen rugsatnamany almalydyrlar.