TSTB-niň sergisiniň işi bir hepde uzaldyldy

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň  ösüş depgini, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. 

Hormatly Serdar Berdimuhamedow «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Guwançmyrat Orazow we «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Orazgeldi Anzarow bilen gürrüňdeş bolup, konditer we et-süýt önümleriniň önümçiliginde telekeçileriň ýeten sepgitlerine ýokary baha berdi. 

«Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy et we süýt önümleriniň gaýtadan işlenilmegi bilen bir hatarda, häzirki wagtda rapsdan halkara hil standartlaryna laýyk gelýän ýagyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny habar berdi. Şeýle hem türkmen telekeçileriniň dünýäde ilkinjileriň hatarynda pagta çigidinden mesge ýagyny öndürip başlandyklary hakynda döwlet Baştutanymyza  habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň ekologiýa we hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, Hormatly Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de TSTB-niň başlygy D.Hudaýberdiýewe ýurdumyzda ýokary hilli we ekologik talaplara doly laýyk gelýän azyk önümleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz döwrebap senagat we elektron harytlaryny öndürýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine gyzyklanma bildirdi. 

Halyçy Orazgül Eýeberdiýewa telekeçileriň milli halyçylyk sungatynyň däplerini, keşdeleri we nagyşlary aýap saklamak, gaýtadan dikeltmek we dowam etdirmek bilen baglanyşykly alyp barýan işleri hakynda gürrüň berdi.  Ol türkmen Liderini gadymy nagyşlar bilen bezäp, arassa ýüpekden dokan halysy bilen tanyşdyrdy.

Telekeçileriň diňe bir döwlete dahylly bolmadyk pudagyň ösdürilmeginde däl, eýsem, tutuş milli ykdysadyýetimizň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändiklerini nygtamak bilen, Hormatly Serdar Berdimuhamedow hususy pudagy, şol sanda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň işjeň dowam etdiriljekdigini belledi.  

TSTB-niň gazananlarynyň sergisine uly gyzyklanma bildirilýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň işini bir hepde uzaltmak we 18-nji aprelde tamamlamak hakynda tabşyryk berdi.