Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň agzalaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralýan sergä we halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlagynda ýurtda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny berkitmek, telekeçiligi goldamak we hususy eýeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz geljekde ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga we önümçilik gurluşlaryny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatynyň mundan beýläk-de güýçlendiriljekdigini aýtdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna gabat gelýän serginiň we halkara maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, türkmen Lideri, bu çäreleriň önümçiligiň we hususy önüm öndürijileriň harytlarynyň içerki hem-de daşarky bazarlara iberilýän mukdarynyň artmagyna, maýa goýum we innowasion işewürligiň ösüşiniň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.