Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň welaýatlaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

4 арrelde Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Häkimler ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuşa geçirilýän işler, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça alnyp işleriň depgini, ýazky köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň guramaçylykly ýola goýluşy, pile ýüplügini almak boýunça taýýarlyk işleri, şeýle hem «Oba» Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuş geçirilişi we ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň batly depginde alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary däne ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer ýurt boýunça gowaça tohumynyň 129 müň 659 gektar meýdanda ekilendigini habar berdi. Şeýle hem 30 müň gektar meýdana – ýazlyk ýeralma, 10 müň gektara – sogan, 1500 gektarlyk meýdana – kelem we 3 müň gektara käşir ekildi. Şeýle hem ýurt boýunça jemi 1 million 65 müň 915 düýp bag nahallarynyň ekilendigi hem-de 2 müň 300 tonna pile hasylyny almak meýilleşdirilýändigi hakynda bellenildi.

Hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow agrotehniki çäreleriň talap edilýän kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyklaryň, esasan hem durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutany 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin degişli gurluşlaryň işleriniň utgaşykly guramalmagy babatda degişli tabşyryklary berdi.
 Döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, häzirki günlerde alnyp barylýan işleriň Watanymyzy mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi bermelidigini belledi we bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.