Aşgabatda awtoulaglaryň hereketi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäklendiriler

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ekologiki çäre guraldy. 4-11-nji aprel aralygynda 8:00-dan 18:00-a çenli ýurduň paýtagtynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Baýramçylyk mynasybetli şäheriň köçelerinde welosipedli ýörişler geçiriler we oňa ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilerler.

Türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginiň maglumatlaryna görä, ekologiki çäre Aşgabat şäher häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyçlary esasynda geçirilýär.

Awtoulagsyz hepdäniň dowamynda paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna jemgyýetçilik ulaglary we taksiler hyzmat eder.