«Lazuli» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan sebitleýin duşuşyk

Aşgabatda «Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan sebitleýin duşuşyk geçirildi. Garyşyk görnüşde geçirilen iki günlük duşuşyk «Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesiniň şertnamasyna gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäginde, strategiýany we hereket meýilnamasyny işläp düzen ÝHHG-niň Merkezi tarapyndan gurnaldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda «Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesini durmuşa geçirmegiň strategiýasy tanyşdyryldy.

Duşuşyga «Lapis-Lazuli» şertnamasyna gol çeken dört ýurtdan 60-dan gowrak wekil gatnaşdy: Azerbaýjan, Gruziýa, Türkmenistan we Türkiýe. Şeýle-de oňa TRACECA Hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary, ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhet dolandyryşyna kömek maksatnamasynyň 3-nji bölüminiň başlygy we ÝHHG-niň hünärmenleri hem gatnaşdy. Gatnaşanlar strategiýany we hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmek babatda pikir we teklip alyşdylar.

Strategiýa we hereket meýilnamasynyň Ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň milli ösüş strategiýasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin ÝHHG-niň Merkezi olara täzeden garamak işine gatnaşar. Bu strategiýa sebitdäki ykdysady ösüşiň we ulag mümkinçilikleriniň pugtalanmagyna, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýerlikli ulanylmagynyň hasabyna geografiki çäkleriň düýpgöter azalmagyna goşant goşmak üçin döredildi.

Şu maksat bilen, duşuşyga gatnaşyjylar «Lazuli» geçelgesi boýunça ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek esasynda hyzmatdaşlary goldamak üçin mundan beýläkki çäreleri kesgitlediler.