Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

28-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Häkimler Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hasabatynda ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 19 müň 561 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigi bellenildi. Şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilen 30 müň gektar ýazlyk ýeralma, 10 müň gektar sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek işleri dowam edýär. Saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny ekmek, jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, degişli tabşyryklary we görkezmeleri berdi hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.