Türkmenistanda täze Hökümet düzüldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň täze düzümini tassyklady.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul edensoň, ozalky Hökümet öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar. Milletiň Lideri oňyn iş tejribesini nazarda tutup, olaryň eýeleýän wezipesini gaýtadan dikeltdi.

Mundan başga-da, maliýe we ykdysadyýet boýunça ýokary wezipelerde baý tejribesi boln Muhammetguly Muhammedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu ulgam boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Hökümetiň agzalaryny ozalky eýeleýän wezipelerinde galdyrmak bilen, milletiň Lideri olardan baý tejribesini ýene-de Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine sarp etmegi haýyş edip, işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Wise-premýerler ýokary derejeli ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gözegçilik edilýän ugurlarynda işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bir hepdäniň dowamynda garamagyndaky ýolbaşçy wezipelerine mynasyp adamlary hödürlemeli bolarlar.