Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu ýerde aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyrylyp, baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler dikildi. Milletiň Lideri medeni çykyşlar üçin niýetlenen merkezi sahnanyň ýanynda saklandy we IIM-niň harby gullukçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Döwlet Baştutany täze ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly, ýaş nesilleri, türkmen esgerlerini watansöýüjilik, Watana, halka birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz täze ýaşaýyş toplumynyň Dolandyryş binasyna baryp, Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýini synlady. Şondan soň milletiň Lideri bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezi girelgesindäki toý bagyny kesdi.

TIIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr.

Meýdany 8 sotoga barabar bolan mellek ýerinde ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýa-da miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýdança döredilipdir.

Täze jaýa göçüp baran köp çagaly maşgala döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň, öndürilýän azyk önümleriniň sergisini synlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi.

Sergini synlanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.