Serdar Berdimuhamedow sesleriň 72 % gowragyny alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Bu barada şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar habar berdi.

«Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi» diýlip, toparyň habarynda aýdylýar.

Saýlawlarda beýleki dalaşgärler aşakdaky ýaly ses aldylar:

•    Hydyr Nunnaýew – 11,09%

•    Agajan Bekmyradow – 7,22%

•    Berdimämmet Gurbanow – 2,22%

•    Perhat Begenjow – 2,02%

•    Maksatmyrat Öwezgeldiýew – 1,16%

•    Maksat Ödeşow – 1,15%

•    Kakageldi Saryýew – 1,09%

•    Babamyrat Meredow – 1,08%.

Şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň habar berşi ýaly, ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň Kasam kabul ediş dabarasy 19-njy martda bolar.