Türkmenistanda awtomobil mekdepleri üçin elektron gollanmany taýýarlamak üçin bäsleşik yglan edildi

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi, elektron okuw gollanmalary taýýarlamak işini kämilleşdirmek we okuw prosesine ornaşdyrmak maksady bilen üç ölçegli animasiýa täsirli wideokontentli, elektron okuw-usuly gollanmanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Teklipler Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 424-nji jaýynda 2022-nji ýylyň 8-nji fewralynda sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-11, faks: 44-33-15.