Türkmenistan bilen Täjigistany göni demir ýol gatnawy birikdirer

Täjigistanyň Wekiller palatasy duşenbe güni Türkmenistan bilen demirýol ulagy pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany tassyklady. Bu barada Täjigistanyň mejlisiniň resmi web saýty habar berdi.

Bu şertnama Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerden soň 2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda gol çekildi.

Bu resminama Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda göni halkara demirýol gatnawyny kadalaşdyrýar we bu gatnawda bitewi kada-kanunlary kesgitleýär. Gürrüň iki ýurduň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz menziline çykmak baradaky ylalaşyk barada barýar. Bu menzil Täjigistan üçin Ýewropa bazaryna iň amatly ýoldur.

2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda gatnaşygynyň 2,5 esse artandygyny ýatladýarys.