Döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan edilýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidöwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär. Bäsleşikli söwdalar 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidöwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär. Bäsleşikli söwdalar 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalar, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekilleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler. Ýüztutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň metbugatda çap edilen gününden başlap, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna bir gije-gündiz galanda tamamlanýar. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşik geçirilýän güni sagat 9:00-da başlanýar. Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi, desgalar baradaky goşmaça maglumatlar ministrligiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi, degişli ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylara hususylaşdyrylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki desgalar onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

  • Aşgabat şäherinde (+993 12) 92-26-11; 39-46-69/75;
  • Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21; 33-1-80;
  • Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34; 7-89-17; 7-89-53;
  • Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19; 9-15-10;
  • Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52; 6-11-59;
  • Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87; 6-05-41.

Bäsleşikli söwdalarda satuwa çykarylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen şu aşakdaky internet sahypasynyň üsti bilen hem tanşyp bilersiňiz:
www.fineconomic.gov.tm