2022-nji ýyl Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylar

Şu gün – 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa mejlisde çykyş etmek bilen, 2022-nji ýyly mynasyp atlandyrmak, bu barada döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin ýurduň ähli sebitlerinde saparda bolup, il-halk bilen maslahatlaryň geçirilendigini, olaryň arzuw-islegleriniň, teklipleriniň yzygiderli öwrenilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrymak baradaky teklip halk tarapyndan giňden goldaw tapdy.