Balkanabat we Gumdag şäherleri täze awtobus ugry bilen birleşdiriler

Bu ýyl Balkanabat we Gumdag şäherlerini birleşdirýän 8-nji awtobus ýoly açyldy. “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň habaryna görä, ýolagçylaryň isleglerini göz öňünde tutup, Hyundai markasynyň iki sany uly awtobusy her gün şäherleriň arasynda hereket edýär.

Täze ugur Aşgabat şäherinde ýerleşýän baş edaradan Balkanabat ýolagçy parkyna 17 sany Hyundai markaly awtobuslaryň gelmegi bilen açyldy.

Balkanabat ýolagçy awtoulag parkyndan Serdar we Bereket şäherlerine hem ýolagçylaryň gatnawy üçin iki sany awtobus ugradyldy.

Balkanabat ýolagçy awtoulag parky 60 ýaşap geçen Balkanabat şäheriniň ýaşdaşydyr.