Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpuguriy işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ýene-de bir ajaýyp ýerleriniň birine öwrüldi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ýene-de bir ajaýyp ýerleriniň birine öwrüldi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýäşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdýň nyşanlary bolup durýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Turkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli oňyn daşary syýasy ugry, onuň çäk taýdan amatly—Ýewraziýa we yklymara gatnaw ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzyň hem-de sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde baş şäheriniň abraýyny barha belende galdyrýar. Bu ýerde iri çäreleri we forumlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşen eziz Watanymyz häzirki wagtda bu meşhur ýoly täze taryhy ýagdaýlarda gaýtadan dikeltmek işine işjeň gatnaşýar.

Şonuň bilen birlikde, Aziýanyň hakyky merjeni bolan Aşgabat işewürlik we syýahatçylyk merkezine öwrülip, daşary ýurtly myhmanlaryň barha köpüsini özüne çekýär. Şeýlelikde, «Garagum» myhmansöýerligiň, döstlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Bularyň ählisi bolsa, türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri şan-şohrata eýe bolan häsiýetleridir.