Mämmethan Çakyýew: “Türkmenistan ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär”

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýew Aşgabatda geçirilen “Türkmentel — 2021” halkara onlaýn maslahatynda çykyş etdi. Döwlet Baştutanynyň daşary we içerki syýasatynyň Garaşsyz Türkmenistany ýokary derejede ösen dünýä jemgyýetçiligine sazlaşykly birleşdirmäge, deň we özara peýdaly hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini belläp, ýurduň aragatnaşyk we ulag ulgamynyň ösmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu barada “Türkmenportal” internet neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýew Aşgabatda geçirilen “Türkmentel — 2021” halkara onlaýn maslahatynda çykyş etdi. Döwlet Baştutanynyň daşary we içerki syýasatynyň Garaşsyz Türkmenistany ýokary derejede ösen dünýä jemgyýetçiligine sazlaşykly birleşdirmäge, deň we özara peýdaly hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini belläp, ýurduň aragatnaşyk we ulag ulgamynyň ösmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Şeýle hem M.Çakyýew Aziýa we Ýewropa optiki-süýümli kabel aragatnaşygynyň işe girizilmegi bilen, ýurduň içinde telekommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyndaky meseleleriň çözgüdi bolandygyny bellemek bilen, optiki-süýümli aragatnaşyk liniýasynyň ulanylmagynyň toruň giňligini ep-esli ýokarlandyryp, hödürlenýän hyzmatlaryň sanawyny artdyryp biljekdigini hem nygtady. Mundan başga-da, ol gazanylan netijeler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy halkara tranzit we ýerli akymlary geçirmek üçin her kanaly 100Gb/s bolan DWDM enjamlaryna esaslanýan alty sany halkara interfeýsine eýedir.

“Türkmentelekom” EAK we owgan aragatnaşyk operatory bolan “Afgan Wireless” ikinji halkara çatrygynda Pakistana we Hindistana ýaýratmak mümkinçiligi bilen iki ugur boýunça işe girizildi. Ikinji halkara çatrygy boýunça Garabogaz (Türkmenistan) — Temir Baba (Gazagystan) ulgamynda “Jusan Mobile” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan optiki-süýümli aragatnaşyk liniýalarynyň gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar.

M.Çakyýew “Häzirki wagtda Yslam Ösüş Banky (YÖB) tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň üstünde işleýäris" –diýip belläp, sözüniň ahyrynda ol maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik we netijelilik arzuw etdi.