Täze ýyl mynasybetli jemgyýetçilik awtobus ugurlary barada

Hormatly ýolagçylar!

«Türkmenawtoulaglary» agentligi, Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik awtobuslar Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi ugurlar hem-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça 2020-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli, şeýle hem ýeňil taksi awtoulaglarynyň gije-gündiziň dowamynda hyzmat etjekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär. Awtoulag hyzmatlary boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri boýunça – awtobus hyzmatlary üçin (+99312) 44-33-91, 44-33-90 we taksi hyzmatlary üçin 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03;

Mary şäheri boýunça – (+993522) 7-96-22, 5-65-75, 5-60-12;

Türkmenabat şäheri boýunça – (+993422) 6-29-01, 6-34-37;

Daşoguz şäheri boýunça – (+993322) 6-62-87, 6-07-04;

Balkanabat şäheri boýunça – (+993222) 6-79-06, 6-66-06;

Türkmenbaşy şäheri boýunça – (+993243) 4-79-24, 4-79-35.