Hormatly ýolagçylar «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, awtobus gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen, 46-njy «Gurtly – Wokzal» we 88-nji «Awtokombinat – Wokzal» awtobus ugurlaryna 2020-nji ýylyň 2-nji noýabryndan käbir üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär:
Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaýlar toplumy açylmagy mynasybetli ýokarda görkezilen 46-njy awtobus ugruna üýtgeşmeler girizilip, bu awtobus ugry «Gurtly» belleniş nokadyndan başlap, «Ruhabat köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçesi – Magtymguly şaýoly – Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi – A.Nyýazow şaýoly – “Mahabat” binasy» ugry boýunça hereket eder we soňra «“Mahabat” binasy - Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Taslama köçesi - Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi – “Gurtly” belleniş nokady» ugry boýunça hereket eder.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80